JEMGYÝET

Türkmenistan «Boeing-777-300ER» kysymly uçaryna gowuşdy

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.  Ýurdumyzyň howa gämileriniň parky giňeldilip, dürli görnüşli ýokary amatlyklary bolan täze döwrebap ýolagçy howa gämileri yzygiderli satyn alynýar. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň resmi sýaty habar berýär.
4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň «Boenig» kompaniýasyndan satyn alnan «Boeing-777-300ER» kysymly iki sany täze ýolagçy howa gämileriniň biri Aşgabat halkara howa menziline getirildi.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolagçy howa gämileriniň parkynyň üstüni ýetiren bu täze «Boeing-777-300ER» kysymly döwrebap uçar 368 ýolagça niýetlenilendir. Ondaky orunlaryň 40-sy biznes, 32-si premium ykdysadyýet we 296-sy ykdysadyýet synpyna degişlidir. 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390  km deň bolup, 40 tonna çenli  göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.
Satyn alnan ýolagçy gämisiniň ikinjisi ýakyn wagtlarda ýurdumyza getiriler.
Häzirki zaman  howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge şertleri döreder.

Ýene-de okaň

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri

Narine Saakýan: Türkmenistanda çagalar döwlet aladasy bilen gurşalan

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!