Şu gün Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenýän gününde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, ÝUNISEF hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) degişli resminamalara gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň sany 22-ä deň bolup, olaryň 10-sy BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gol çekildi. Bu resminamalar ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky ýurt boýunça maksatnamasyny 2021-2025-nji ýyllarda durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyndan ybarat boldy.

Hususan-da, ÝUNISEF edarasy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Zenanlar birleşigi, Baş prokuratura, Içeri işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Zähmet we durmuş goraglylygy ministrligi, Statistika boýunça döwlet komiteti, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamalary kabul edildi.
Degişli resminamalara ýokarda agzalyp geçilen edaralaryň ýolbaşçylary bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammed Faýazi gol çekdi.
Şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ýurdumyzyň birnäçe edaralary bilen 10 resminama gol çekilip, bu resminamalar hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.
BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) bilen Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň hem-de Döwlet, hukuk we demokartiýa institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.
