DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Bu ýerde geçen ýyllaryň dowamynda toplanan bilelikde işlemegiň oňyn tejribesiniň ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Ministr Türkmenistanyň bu köptaraplaýyn düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga ymtylýandygyny nygtady. Ulag pudagy we serhetýaka söwdasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu nukdaýnazardan, YHG-nyň Üstaşyr geçirijiler boýunça çarçuwaly ylalaşygynyň, şeýle hem YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşler bilelikdäki okuw maslahatlaryny hem-de treningleri geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Durnukly ösüş babatyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri guramagy teklip etdi.

Ministr Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň konstruktiw gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov