BIZNES

Türkmenistan bilen Türkiýäniň haryt dolanyşygy yzygiderli artýar

Şu gün Türkiýe Respublikasy özüniň Garaşsyzlygynyň 99 ýyllygyny belleýär. Ýurduň ähli ýerine uly baýramçylyk dabaralary geçirilýär.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hem Türkiýe Respublikasynyň milli baýramçylygy mynasybetli dabara gurnaýar. Oňa ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly habarçylar we şol bir wagtda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow hem çagyryldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň biziň žurnalymyzyň “www.atavatan-turkmenistan.com” internet saýtymyza makalasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna hem orun berlipdir.

Şol makaladna görnüşi ýaly, iki ýurduň haryt dolanyşygy yzygiderli ýokarlanýar. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysayd gatnaşyklar okgunly ösüşe eýedir. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Pandemiýa garamazdan, 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 41 göterim artyp, 2 milliard dollara barabar boldy.

2022-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda bolsa, söwda dolayşygy 1 milliard 330 million dollara deňeçär boldy. Iki ýurduň Prezidentleriniň öňde goýan maksatlaryna laýyklykda, haryt dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem türk kompaniýalary Türkmenistanda gurluşyk pudagynda özlerini ynamly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard dollara barabar 1065 taslamany durmuşa geçirdiler.

Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar hem ösdürilýär.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy