DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna sapary tamamlandy. Saparyň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda 15 resminama, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, iki ýurduň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şeýle hem bu saparyň çäklerinde tükrmen wekiliýetiniň düzümindäki ýolbaşçylar degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, Moskwa şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, rus tarapyna bolsa, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygynyň orunbasary Alekseý Owurçyk başlyklyk etdi.

Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ugry we geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar soňky ýyllarda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi berilendigini we häzirki wagtda özara peýdaly we deň esasda ogunly ösýändigini bellediler.

Hyzmatdaşlyk üçin ileri tutulýan ugurlaryň arasynda ýangyç we energetika toplumyny, ulag, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş we medeni we ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýan birnäçe ugurlary bellediler.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi