BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 939,1 million dollar

2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 939,1 million dollar boldy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika gullugy habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde Özbegistany[ önümleriniň Türkmenistana eksporty 143,7 million dollar, Türkmenistandan import 775,5 million dollar diýlip çaklanylýar.

Maglumatlara görä, Türkmenistan Özbegistanyň iň uly söwda we ykdysady hyzmatdaşlarynyň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär.

Häzirki wagtda Özbegistan dünýäniň 198 ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. Daşary söwda dolanyşygynyň iň uly mukdary Hytaý (21,2%), Russiýa (15,6%) bilen hasaba alyndy.

Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygynyň iň uly mukdary Russiýa (47,3%), Gazagystan (21,4%) we Türkmenistan (5,6%) bilen hasaba alyndy.

Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň netijelerine görä, Özbegistana 175 ýurtdan harytlar we hyzmatlar getirildi. Importuň üçden iki böleginiň gowragy Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Koreýa Respublikasy, Türkiýe, Germaniýa we Türkmenistan ýaly iri hyzmatdaş ýurtlaryň paýyna düşýär.

Ýene-de okaň

Russiýadan Gazagystana täze gaz geçirijisi gurlar

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri