BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 5 esse ýokarlandy

2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri özara saparlary gurnar. Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmalžon Kuçkarow habar berdi.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda diplomatik ugurlar boýunça ýokary derejedäki saparlaryň möhletleriniň ylalaşylýandygyny bellenildi.

Kuçkarow 2017-2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 5 esse ýokarlanyp, 2023-nji ýylda 1,09 milliard dollara deň bolandygyny belledi.

Şeýle hem ilçi iki ýurduň arasynda tebigy gaz we elektrik energiýasy boýunça oňat söwdanyň dowam edýändigini belläp, 2023-nji ýylda 2 milliard kubmetr möçberinde türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.

Özbek ilçisi iki ýurduň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýilnamalary barada belläp geçip, şeýle çemeleşmeleriň türkmen we özbek halklarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder