JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Owganystanyň haryt dolanyşygy 457 million dollara deňdir

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-owgan işewürler maslahaty geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. 300-den gowrak owgan işewürleriniň gatnamagynda geçirilen maslahatda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň artýandygy bellenildi.

Işewürler forumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda söwda gatnaşyklaryň ösdürilýändigi belläp, 2023-nji ýylda haryt dolanyşygynyň 457 million dollara barabar bolup, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda bu görkezijiniň 46 million dollara deň bolandygyny aýtdy.

Mergen Gurdow Türkmenistanyň Owganystana ýangyç-energetika, himiýa, gurluşyk materiallary, oba hojalyk, dokma we ýeňil senagaty önümlerini eksport edýändigini belläp, eksportuň diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin hem tagalla edilýändigini mälim etdi. Hususan-da, Owganystana himiýa, azyk, dokma, farmasewtika, arassaçylyk önümleri, polipropilen we plastmassadan edilen harytlaryň eksport edilmegi üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Işewür forumyň gün tertibi, iki ýurduň arasynda bar bolan uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, elektrik energiýasy pudagynda, senagatda, oba hojalygynda, nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini öz içine alýar.

Şeýle hem owgan işewürleri 5-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek göçme birža söwdalaryna işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Ýene-de okaň

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: ýanwar aýynyň ykdysady ösüşi

Ilçi Demirok: Türkmenistanyň tebigy gazy 1-nji martdan Türkiýä barar

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasyna daşary ýurtdan talyp kabul synagy 60 ýurtda geçiriler

Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Tährana sapary başlady

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär