Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” ugurly elektrik energetika taslamasynyň halkara müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Kabul şäherinde Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda owgan tarapy Türkmenistanyň wekiliýetine elektrik üpjünçiligi hem-de Owganystandaky elektrik energetika taslamalary babatda hemişelik hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň habar bermegine görä, owgan ministri “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” ugurly elektrik energetika taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýardyklaryny mälim edip, beýleki taraplar bilen taslama boýunça degişli işleriň geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Şeýle hem ol Türkmenistan-Şebergan-Daşt Haja Alwan-Argandi (Kabul) ugry boýunça 500 kW-lyk elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygynyň taslamasyna köp sanly maýadarlaryň gyzyklanma bildirip, maýa goýmaga taýýardygyny aýdandygyny mälim etdi.
Myrat Artykow öz gezeginde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” ugurly elektrik energetika taslamasyny we Owganystany elektrik bilen üpjün etjek beýleki taslamalary durmuşa geçirmäge taýaýrdyklaryny belledi.
Ol bu gezekki saparynyň Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltmak babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belläp geçdi.
Türkmen tarapy Hyrat welaýatyndaky Nur-ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň Hyrat we Farah welaýatlaryna elektrik energiýaysny eksport etmäge taýýardygyny aýtdy.

