BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan 2025-nji ýyl üçin goşmaça elektrik şertnamasyny baglaşdy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şoňa laýyklykda, Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen 2025-nji ýyl üçin elektrik energiýasyny satyn almak babatda şertnamanyň möhleti uzadyldy.

Bu ylalaşyk Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdul Bari Omaryň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Owgan tarapynyň habaryna görä, Owganystan Türkmenistanyň elektrik energiýasyny 4 ugur boýunça: ýagny Andhoý, Akina, Badgis we Turgundi-Hyrat ugry boýunça import eder.

Owganystan içerki çeşmeleriniň hasabyna 300 megawata golaý elektrik energiýasyny öndürýär, her ýyl Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Eýrandan 620 megawatdan gowrak elektrik energiýasyny satyn alýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary