SPORT

Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygy futbol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Futbol geňeşiniň arasynda ilkinji wideoduşuşyk geçirildi.

Oňa Türkmenistanyp Futbol federasiýasynyň başlygynyň w.w.ý.ý Guwançmuhammet Öwekow, Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdy.

Niderlandlar tarapyndan bolsa, Patyşalyk Futbol geňeşiniň halkara gatnaşyklayr boýunça baş sekretary Giýs de Ýong, bu geňeşiň halkara tälimçileri taýýarlamak boýunça direktory Maýkl wan der Star gatnaşdy.

Ilkinji duşuşyk iki ýurduň arasynda futbol boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Taraplar üznüksiz gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny beýan etdiler. Futboly ösdürmek babatda yzygiderli duşuşyklary gurnamanyň möhümdigi bellenildi.

Niderlandlar tarapy Türkmenistanda saparda bolmaga taýýardygyny mälim etdi. Olar ýerinde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny bellediler. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň bilelikdäki taslamalar boýunça Niderlandlar Patyşalygyny saparlaryny guramagyň möhümdigi aýdyldy.

Şeýle hem taraplar tälimçileriň başarnyklaryny artdyrmak boýunça pikir alşyp, Türkmenistanda dürli okuw sapaklaryny gurnamagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Niderlandly bilermenleriň gatnaşmagynda futbolçylar üçin türgenleşik maksatnamalarynyň gurnalyp bilinjekdigi bellenildi.

Türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy resmileşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Futbol geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany işläp düzmegi teklip etdi.

Bu resminamanyň geljekki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin möhüm bolar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady