JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Müsüriň arasynda onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga iki ýurduň söwda, maliýe we daşary ykdysady aragatnaşyklar, nebitgaz ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşygyň işine Türkmenistanyň we Müsüriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň özara saparlarynyň ähmiýetini bellediler we onuň türkmen-müsür gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyp bölegi bolup durýandygyny nygtap geçdiler.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini hem-de dünýädäki pandemiýa ýagdaýlarynyň dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar ylmy diplomatiýa ugry boýunça hem hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder