JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan bilen Hytaý energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyryp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Pekin şäherinde Hytaýyň wise-premýer Din Sýuesýan “Bir guşak, bir ýol” III halkara forumyna gatnaşmak üçin baran Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Aşyrguly Begliýew bar.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň hem agzasy bolan wise-premýer Din Sýuesýan öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemişe bilelikde işleşmäge taýýardygyny belläp, iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyny aýtdy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde öndürijilikli netijeleriň gazanylandygyny bellän türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary