BIZNES

Türkmenistan bilen Germaniýa 19 ähtnama gol çekişdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Berlin şäherinde Germaniýanyň ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň howandarlygynda “Humboldt Carre Berlin” kongres merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-nemes işewür forumy geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Şol forumyň çäklerinde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Germaniýanyň hususy pudagynyň wekilleriniň türkmen bazaryna barha artýan gyzyklanmasy uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini görkezýär.

Germaniýa Aziýa ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan german kompaniýalarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasy barha artýar.

Şu gezekki forumyň çäklerinde 19 sany ähtnama we 8 million 160 müň ýewro möçberinde şertnamalara gol çekildi. Bu hem bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu şertnamalar geljekdäki hyzmatdaşlykdan habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder