SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Golaýda Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň jemgyýetçilik torlarynda habar berilýär.

Duşuşygyň gün tertibini “COVID-19” pandemiýasy we onuň bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli togtadylan uçar gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy düzdi.

Gazak ilçisi göni uçar gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagynyň diňe bir iki ýurduň raýatlarynyň rahatlygy üçin däl, eýsem ykdysady we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem göni uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagy Gazagystandan Türkmenistana we Türkmenistandan Gazagystan syýahatçylary çekmäge mümkinçilik döredip, syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmek hem-de medeni alyş-çalşygy baýlaşdyrmak babatda ähmiýetli bolar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny belläp, raýat awiasiýasy babtda tejribeleri paýlaşmagyň hem möhümdigini aýtdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça uçar gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy babatda anyk meýilnamalary işläp düzmek üçin goşmaça geňeşmeleriň geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar