Fransiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonno bilen duşuşdy. Bu barada Fransiýanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky oňyn ösüşe kanagatlanma bildirip, onuň syýasy alyş-çalyşlaryň giňeldilmegi, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depgini, esasan hem ykdysady, daşky gurşaw, energetika we infrastruktura pudaklaryna üns jemlemäge mümkinçilik berýändigini bellediler.
Taraplar metanyň zyňyndylaryny azaltmak we suw baýlyklaryny dolandyrmak bilen baglanyşykly özara gyzyklanýan meselelere aýratyn üns berip, pikir alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşlikde esasy sebit we halkara meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasyna gol çekildi. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga degişli beýannama kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen wekiliýeti bu saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirdiler.
