BIZNES

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň söwda gatnaşyklary işjeňleşdiriler

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdirmek we maýa goýum boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder