DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň ösmegine goşant goşýar

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanda saparda boldy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndna kabul edilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow birnäçe duşuşklary geçirdi.

Bu duşuşyklarda türkmen-azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň habar bermegine görä, ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow saparynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Şeýle hem azerbaýjan wekiliýeti “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşdy. Bu duşuşyga Azerbaýjanyň “SOCAR” kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşykda energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, täze taslamalary durmuşa geçirmek, bilelikde uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek babatda pikir alyşdylar.

Mikail Jabbarowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen geçirne duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini guramak hem-de ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen hem duşuşyp, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri