Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşan Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Bu ugurda biziň garaýyşlarymyz birmeňzeşdir: Türkmenistan bilen Azerbaýjan energiýa serişdelerini halkara bazarlara, hususan-da, Ýewropa ugruna ibermegiň ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilmegi, hakykatdan-da, ajaýyp waka boldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatda hyzmatdaşlyk etmeginde düýbünden täze tapgyr bolup durýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Hazar deňzinde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmak ony dünýäniň bu sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşyklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk deňzine öwürmegiň esasy şerti bolup durýar. Aýratyn-da, soňky ýyllarda bu ugurda köp işler edildi. Bäş kenarýaka döwletiň ýolbaşçylarynyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekmegi iň esasy we kesgitleýji üstünlik boldy.
Şeýle hem Türkmenistan we Azerbaýjan ulag-logistika, energetika, agrosenagat, dokma senagaty ýaly ugurlarda uly mümkinçiliklere eýedirler. Ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda strategik taýdan ähmiýetli geografik çäkde ýerleşýärler. Bu bolsa giň gerimli halkara ulag geçelgelerini döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutanyňda, üstaşyr ulag ulgamynda möhüm we ysnyşykly hyzmatdaşlygy şertlendirýär.
