JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Awstriýa arasynda telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen  telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ministr türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrundaky netijeli işi we ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda saldamly şertnama-hukuk binýady bar, şeýle-de parlamenatara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly ileri tutulýan ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde Awstriýa-Türkmen Jemgyýeti netijeli hereket edýär, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki gatnaşyklar hem sazlaşykly ýola goýuldy.

Ilçi G.Saýller öz gezeginde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri