BIZNES

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Den Nigriýa ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine seredip geçdiler hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň iki ýurduň bilelikdäki işiniň esasy ugry bolup durýandygy barada belläp geçdi. Ol maýa goýum we innowasiýalar işi hem-de önümçiligi we ikitaraplaýyn söwdany döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi babatda belledi. Amerikan kompaniýalaryň türkmen bazaryndaky köpýyllyk üstünlikli işi we Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň netijeliligi barada nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça taraplaryň çykyşlaryny diňlediler. Ýurduň maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny, şeýle-de kadalaşdyryjy esaslaryny kämilleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň alyp barýan hem-de abraýly halkara maliýe guramalaryň, hususan-da, Halkara pul gaznasynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň hasabatlary bilen tassyklanylýan amaly ädimler barada aýratyn bellenip geçildi. Bulara Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulyşmagy-da şaýatlyk edýär. Türkmenistanda zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işler barada hem bellendi.

Taraplar ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň (USAID) ähmiýeti, şol sanda onuň milli derejedäki hem-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky “С5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekdäki orny barada gürrüň etdiler. Şeýle-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) wajyplygy hakynda bellenip geçildi.

Mejlisiň dowamynda sebit we halkara ähmiýetli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Gündogar–Günbatar» we «Günorta–Demirgazyk» ugurlar boýunça Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykýan sebitara ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, şeýle-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki ikitaraplaýyn bähbitli taslamalar mümkin bolan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem taraplar ekologiýa howpsuzlygy pudagynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça önümçiligi döretmek we ylmy alyş-çalşygy amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gürrüň etdiler.

Syýasy geňeşmeleri jemlemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş dinamikasyna kanagatlanma bildirdiler, şeýle-de ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga, ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdylar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri