Bilşimiz ýaly, her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Bu sene çagalaryň bagtyýar geljegi üçin has möhüm ähmiýete eýedir.
Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç dörýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir.
Parasatly türkmen naklynda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar aýdylýar. Çagalar — biziň geljegimiz. Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Indi köp ýyllardan bäri tutuş Ýer ýüzünde Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalar hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän Türkmenistanda hem bu baýramçylyk milli senenamada mynasyp orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen döwletli çagalygy adam ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär. Çagalary jemgyýetde doly bahaly durmuşa taýýarlamagy ileri tutmak, olarda jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňligini ösdürmek, belent ahlak häsiýetlerini, watançylygy we raýatlygy terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alýar. Çünki, çagalar geljegimizi ýagtyldýan, nurlandyrýan güneş. Çaga diňe bir öz ene-atasynyň däl, eýsem, il-ýurduň, jemgyýetiň hem esasy baýlygydyr, çalşyp bolmajak gymmatlygydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy, ynsanperwerligi, dostlugy dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmele durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan Gökderede we Hazaryň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ertekilerdäki köşkleri ýada salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri, çagalyk döwrüni şadyýan we begençli, täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilýär.
Ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelen şahsyýet hökmünde terbiýelenmegi üçin ýurdumyzda – paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde hem-de oba ýerlerinde iň häzirki zaman okuw-bilim toplumlary, medeni-dynç alyş we döredijilik merkezleri bina edildi we olaryň gurulmagy ýokary depginlerde dowam etdirilýär, bu binalar okatmagyň iň täze tehnologiýalary, ozaly bilen innowasiýa, multimediýa we interaktiw ulgamlary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir.
Ýurdumyzyň ähli 1-nji synp okuwçylary her ýyl hormatly Prezidentimizden dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň häzirki zaman noutbuklaryny sowgat alýarlar we eýýäm mekdepde okap başlan ilkinji ýylyndan özleriniň elektron kömekçileri bilen işlemegiň usullaryny özleşdirýärler. Türkmenistanyň mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça halkara olimpiadalaryna işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlary eýeleýärler.
Çagalar hakyndaky aladanyň iň asylly işdigini hem-de abadan geljek üçin ygtybarly maýa goýumdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz durmuş syýasatynyň dürli ugurlarynda yzygiderli, giň gerimli we öz wagtynda özgertmeleri geçirmek baradaky başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär, bu başlangyçlar saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem öz içine alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goldawy we atalyk aladasy netijesinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ene-atasynyň howandarlygyndan galan we maýyplygy bolan çagalary goldamak boýunça üstünlikli işleri alyp barýan düzümleriň birine öwrüldi.