DÜNÝÄ

Türkmenistan BAE-däki “COP 28” maslahatynda ýokary derejede wekilçilik eder

Birleşen Arap Emirlikleri özüniň baş baýramy – Milli gününiň 52 ýyllyk baýramyny belleýär.  Üstümizdäki ýylda, ýagny noýabr aýynyň ahyrynda Birleşen Arap Emirliklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda uly sammit – BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň maslahaty (COP 28) geçiriler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), howa ulgamyna howply antropogen täsirleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara daşky gurşaw şertnamasydyr. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär.

Şonuň üçin BMG-niň howandarlygynda bu ugurda giň gerimli halkara maslahat geçirilýär. Onuň nobatdaky geçiriljek ýeri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri saýlanyp alyndy. Bu barada paýtagtymyz Aşgabatda BAE-niň ilçihanasy tarapyndan ýurduň Milli gününiň 52 ýylylgy mynasybetli geçirilen resmi kabul edişlik dabarasynda hem bellenilip geçildi.

BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Al Hameli öz çykyşynda bu maslahatyň ähmiýete barada durup geçdi. Onuň bellemegine görä, Dubaýdaky “EKSPO-Siti” binasynda geçiriljek bu ýokary derejedäki maslahata 140 döwletiň ýolbaşçysy, 1100-den gowrak halkara wekiliýet hem-de 70 müňden göwrak jemgyýetçiligiň dürli gatlaklaryndan wekiller gatnaşar.

BAE-niň ilçisiniň belleýşi ýaly, Türkmenistan döwleti hem bu maslahata ýokary derejede wekilçilik eder. Ilçi Ahmed Alhaý Al Hameli şeýle iri ýokayr derejeli maslahatyň öz ýurdunda geçirilýändigi üçin BAE-niň Prezidenti  Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan Birleşen Arap Emirliklerinde 2023-nji ýyl “Durnukly ösüş ýyly” hökmünde yglan edilendigini belledi.

Halkara maslahat 30-njy noýabrda başlap, 12-nji dekabra çenli dowam edýär.

 

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri