DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE: bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ýokary derejeli aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde konstruktiw özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we parahatçylyksöýüji başlangyçlary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň taýýardygyny tassykladylar.

Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar we syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmakda gyzyklanmasynyň bardygy beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Diplomatlar bu duşuşygyň, hususan-da dokma senagaty, maýa goýumlary, nebit-gaz pudagy, energiýa, daşky gurşaw we azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrjakdygyna umyt bagladylar.

 

Bankyň döwrebap binasy açyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar