BIZNES

Türkmenistan Aziýanyň ösüş bankynyň sebitleýin taslamasyna goşular

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabatynda Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi barada-da aýtdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, taslamanyň esasy maksady sebitde söwdany giňeltmekden, sanlylaşdyrmakdan hem-de ekologiýa taýdan ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem onuň çäklerinde «Söwda syýasaty» hem-de «Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» atly taslamalara goşulmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara we sebitleýin ykdysady-maliýe guramalary, institutlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» maksatnamasynyň degişli taslamasyna Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi