2025-nji ýylyň netijelerine görä, Azerbaýjan Türkmenistandan umumy bahasy 36 million 408 müň ABŞ dollaryna deň bolan 238 million 842 müň kub metr tebigy gaz satyn aldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komiteti habar berýär.
Türkmenistan Azerbaýjan bazaryna tebigy gaz ibermekde iň iri hyzmatdaş hökmünde öz ornuny saklaýar.
