BIZNES

Türkmenistan-Azerbaýjan haryt dolanyşygy 5 esse ýokarlandy

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy.

Syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmek bilen birlikde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär, ony işjeňleşdirmek meýilleri hem bar. Mysal üçin, şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça özara söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 essä golaý ýokarlandy.

Munuň özi soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmeginiň aýdyň netijesidir. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna ähmiýetli orun degişlidir.

Şu ýylyň 29-njy noýabrynda Baku şäherinde bu toparyň altynjy mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda bellenen maksatlara ýetmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady görkezijileri artdyrmaga gönükdirilen anyk taslamalary işläp taýýarlamak özara bähbitli hasaplanýar.

 

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi