JEMGYÝET

Türkmenistan Azerbajýana tebigy gaz iberer

Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegine degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu ylalaşyga paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi.

Bu barada “IRNA” habarlar gullugy habar berýär. Habarda bellenilip geçilişi ýaly, 1.5-2 milliard kubmetr möçberindäki Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmeig göz öňünde tutulýar.

Bu ylalaşyk esasynda tebigy gazyň “swap” görnüşinde iberilmegi meýilleşdirilýär. gol çekişlik dabarasyna Eýranyň Prezidenti Seyed Ebrahim Raisi hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem gatnaşdy.

Eýranyň hem-de Azerbaýjanyň degişli ministrlikleriniň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan Azerbaýjana her gün 5-den 6 million kubmetre çenli tebigy gazy iberer.

Bu ylalaşygyň şu ýylyň dekabryndan güýje girmegine garaşylýar. Ykdysady bähbidi bilen bir hatarda bu ylalaşyk sebit hyzmatdaşlygynyň hem ösdürilmegine goşant goşar.

Bilşimiz ýaly, Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas