SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Moskwa adaty uçar gatnawlary başlaýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlaryny täzeden dikeltmek üçin degişli işleri alyp barýar. Şonuň netijesinde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherine adaty halkara uçar gatnawlaryny ýola goýýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan alnan maglumata görä, bu awiakompaniýa şu ýylyň 1-nji iýulyndan Moskwa ugry boýunça gatnawlara başlaýar. Bu gatnaw Moskwa ugry boýunça her hepdäniň şisenbe we perşenbe günlerinde ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, dünýädäki ýagdaýlar nazara alnyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasy adaty halkara uçar gatnawlarynyň birinji tapgyrynda Dubaý we Kazan ugry boýunça gatnawlaryny ýola goýdy.

Halkara gatnawlaryň geriminiň kem-kemden giňeldilmegi üçin degişli işler ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkara gatnawlaryň dikeldilmegi ugrunda degişli işler ýola goýuldy.

Bu babatda “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän Dubaý hem-de Kazan ugry boýunça adaty howa gatnawlarynyň sanyny 2-ä çykarmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherlerine hem adaty halkara gatnawlary ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.

Täze gatnawlar baradaky habarlar ýa-da anyk maglumatlar bolan halatynda okyjylar köpçüligine ýetirip durarys.

Hususy awtoulaglarda agyz burun örtükleri zerur däl

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär