SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy:halkara awiabiletleri 6 aý öňünden alyp bolýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlarynyň awiabiletlerini 6 aý öňünden almaga mümkinçilik döretdi. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň awiakassasy habar berdi.

Häzirki wagtda awiakompaniýa halkara ugurly gatnawlaryň awiabiletleriniň onlaýn satuwyny 2023-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli satyp başlady. Ýagny, 2023-nji ýylyň mart, aprel, maý, iýun, iýul, awgust, sentýabr we oktýabr aýlary üçin awiabiletleri satyn almak bolar.

Eger onlaýn bilet satyn alnanda, biletiň bahasynyň 2,5 göterim arzanladylan bahadan satyn alnyp boljakdygy hem bellenilip geçilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaýa, Frankfurta, Stambula, Kazana we Moskwa uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär. Bu ugurlar boýunça biletler açyk satylýar.

2023-nji ýylyň 28-nji fewraly boýunça biletleriň bahasy:

  • Aşgabat-Dubaý – 3892 manat 60 tenge
  • Aşgabat-Frankfurt – 8023 manat 80 tenge
  • Aşgabat-Stambul – 4877 manat 50 tenge
  • Aşgabat-Moskwa – 4910 manat 80 tenge
  • Aşgabat-Kazan – 4886 manat 30 tenge

Bu biletleriň diňe bir tarapynyň bahasydyr.

Ýene-de okaň

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri