SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugruna uçar gatnawy her gün ýerine ýetiriler

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy martdan Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugruna ýolagçy uçar gatnawlaryny her gün ýerine ýetirip başlar. Bu barada awiakompaniýanyň «085» sorag-jogap gullugy habar berýar.

Awiakompaniýanyň ýolagçy uçarlary 26-njy martdan başlap hepdäniň duşenbe, sişenbe, penşenbe we anna günleri sagat 18:40-da Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Stambula uçar. Ýolagçy uçarlary çarşenbe günlerinde 05:50-de, şenbe günlerinde 14:10-da we ýekşenbe günlerinde hem 22:20-de Aşgabatdan uçar.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambul ugry boýunça uçar gatnawlaryny hepdäniň duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri amala aşyrýar.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyna gelip gowşan täze maglumata görä,  awiakompaniýa 26-njy martdan başlap Stambul — Aşgabat — Stambul ugruna ýolagçy uçar gatnawlaryny her gün ýerine ýetirmäge başlajakdygyny habar beripdik.

Türkiýe gitmek üçin wiza düzgüniniň girizilen döwründen bäri Türkmenistan raýatlarynyň ýüzlerçesi gelmek isleýän maksatlaryna laýyk wiza alyp Türkiýä gelip gidýärler.

Wiza almak we bular bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumatlary saýtymyzdan we You Tube kanalymyzdan tapyp bilersiňiz.

Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän “Makul Hyzmat” Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigiňizi ýatlatmak isleýäris. 

Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler