DÜNÝÄ

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler

2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak wekiliýet agzalary we myhmanlar 2025-nji ýylyň 30-nji iýulyndan başlap Türkmenbaşy Halkara howa menziline sargyt gatnawlary esasynda gelip başladylar.

Ilkinji gatnawy Özbegistan öz howa gämisi arkaly amala aşyrdy. Şeýle hem, maslahata gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti geldi. Häzirki wagta çenli 3 sany sargyt gatnawy amala aşyryldy.

Maslahat döwründe Türkmenbaşy Halkara howa menziline 30 sany sargyt gatnawynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Sargyt gatnawlaryndan başga-da «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň yzygiderli gatnawlary arkaly foruma iki müňden gowrak myhmanyň gelmegine garaşylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanylýar.

Ýeri gelende bellesek, döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili golaýda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen işe girizildi. Döwlet Baştutany howa menziliniň halkara ýolagçy terminalyna we pasport gözegçilik nokadyna baryp, howa menziliniň gümrük barlag nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen häzirki zaman şertleri bilen tanyşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň medeniýet ministri ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Pusan şäherinde syýahatçylyk boýunça 1-nji Global sammite gatnaşdy