Bu babatda ylalaşyk Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde gazanyldy. Bu barada Astrahan welaýatynyň “www.astrobl.ru” resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Türkmenistanyň logistika merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Igor Babuşkiniň bu teklibini Türkmenistanyň Prezidenti hem makullady. Igor Babuşkin Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenistanyň logistika merkeziniň Türkmenistan bilen Astrahanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň artmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi.
– Biz Astrahan sebitiniň Olýa portunyň golaýynda portuň ýörite ykdysady zolagynyň çäginde täze desgany döretmegi teklip edýäris. Zonamyz işjeň ösýär. Bu ýerde “Kapsi” port-logistika kompaniýasy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 3 million tonnadan gowrak kuwwaty bolan dört sany täze terminaly işe girizmegi meýilleşdirýär “-diýip, sebitiň başlygy belläp geçdi.
Türkmen tarapy hem logistika merkezini döretmek baradaky teklibi goldady we ýakyn günlerde türkmen tarapdan taslama boýunça utgaşdyryjy belläp, ýakyn wagtda wideokonferensiýa arkaly bu taslamany jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Astrahan bilen Aşgabadyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny açmak meselesi hem möhüm bolup galýar.
Türkmen tarapyna COVID-19 bilen baglanyşykly çäklendirmeler ýatyrylandan soň Türkmenistanyň awiakompaniýasy tarapyndan uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Bu işewürligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine hem goşant goşar.
Türkmenistan bilen Astrahan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär