Türkmenistan ilatyny arzan benzin bilen üpjün edýän ýurtlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Türkmenistanda bu ýangyjyň bahasy dünýädäki ortaça bahadan 3 esse arzan. Bu barada “GlobalPetrolPrices” portalynyň 1-nji ýanwardaky maglumatlarynda beýan edilýär.
Tutuş dünýäde benziniň ortaça bahasy 1 litri 1,30 dollara deňdir. Dünýä döwletleriniň arasynda benziniň bahasynda görnetin tapawutlar bar. Neşiriň maglumatyna görä, dürli döwletlerde ýangyjyň bahasynyň aratapawudy salgytlar we ýeňillikler bilen baglanyşyklydyr.
Sanawda benziniň iň arzan bahaly ýurdy hökmünde Eýran görkezilipdir. Bu ýurtda benziniň bahasy $0.029. Şeýle hem sanawda yzygiderlikde Liwiýa, Wenesuela, Alžir, Kuweýt, Angola, Müsür we Türkmenistan barýar. Türkmenistanda benziniň 1 litriniň bahasy $0.428.
