DÜNÝÄ

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça ýol kartasyny durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, hünärmenleriň arasynda yzygiderli tejribe alyşmagyň, sebitiň döwletleriniň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözýän utgaşdyryjy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar ýylyň ahyryna çenli geçiriljek bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen indiki ýyl göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen baglanyşykly meselelerine hem garadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri