DÜNÝÄ

Türkmenistan 28-nji Bütindünýä Maýa goýum maslahatyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 25-27-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 28-nji Bütindünýä Maýa goýum Konferensiýasy «Durnukly ösüş ulgamyndaky sanly transformasiýasy: maýa goýumlaryň mümkinçiliklerine baha bermek» atly mowzuk bilen geçirildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  wekilleriniň gatnaşan bu çäresiniň guramaçysy bolup, Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýumlar ministrligi bilen dünýäniň 136 sany döwletini öz içine alýan, dolandyryjy düzümi 14 sany dünýä döwletlerinden ybarat bolan Maýa goýum çekmek boýunça agentlikleriniň Bütindünýä bileleşigi  çykyş etdi.

Dünýäniň 130 döwletinden 2000 müňden gowrak adam gatnaşan bu giň möçberli çäräniň dowamynda Bütindünýä bazarlaryndan ugur almak sessiýasy, ýokary derejeli wekilleriň tegelek stoly hem-de Maýa goýum çekmek boýunça agentlikleriniň Bütindünýä bileleşiginiň Aýratyn üstünlikleri gazanan taraplary sylaglamak dabaralary geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi