MEDENIÝET

“Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny, gündogar beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny, mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, tutumly işleri, agzybir halkymyzyň bagtyýar, parahat we abadan durmuşyny, milli gymmatlyklarymyzy, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimizi kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle-de bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda  “Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” atly basleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylaryň 10-syny ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglady

“Magtymguly Pyragy” atly çeper filmi Özbegistanda “Iň gowy film” saýlandy