MEDENIÝET

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Şu günler ýurdumyzda baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli dürli dabaralar geçirilýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri hem bu baýramçylyga sowgatly geldiler.

Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýän bolsa, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem baýramçylyga özüniň täze filmleri bilen kinosöýüjileriň söýgüsini gazanýar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Bakyş”, “Uly baýragyň gymmaty” hem-de “Ynsan syrdaşy” ýaly filmler Aşgabat şäheriniň kinoteatrlarynda halkymyza hödürlenýär.

Goýujy režissýor Wepa Işangulyýewiň ýolbaşçylygynda surata düşürilen “Uly baýragyň gymmaty” atly filmde ýurdumyzyň tanymal artistleri Öwezguly Gelenow, Ada Gutlyýew, Annamuhammet Gurbanow, Amangylyç Şarlyýew, Begenç Garlyýew ýaly sungat ussatlary surata düşdüler.

Şeýle hem kino muşdaklary režissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň surata düşüren “Bakyş” hem-de režissýor Zulfiýa Kadyrowanyň “Ynsan syrdaşy” atly filmlerini tomaşa edip bilerler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy