DÜNÝÄ

Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýlar

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Pusan şäheriniň meri bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky Prezidenti, häzir bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda bu ýurduň ululygy boýunça ikinji we deňiz portunyň göwrümi boýunça bäşinji şäheri bolup durýan Pusan şäherine gelendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda portlary dolandyrmak ugry boýunça iki ýurduň bilermenleriniň arasynda tejribe alyşmak üçin  Türkmenbaşynyň we Pusan şäheriniň Halkara deňiz portlarynyň arasynda geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmeklik teklip edildi.

Gepleşikleriň dowamynda maglumat we sanly tehnologiýalar, ulag, aragatnaşyk, suw we tokaý hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Binagärlik we şäher gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikeleri boýunça pikir alyşdy.

Duşuşygyň barşynda geljekde Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyga gol çekmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklibi beýan edildi. Munuň bolsa, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşar diýip nygtaldy.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy