BIZNES

Türkmenbaşy-Baku (Alyat) -Türkmenbaşy:ýük awtoulaglaryny gatnawy üçin ýeňillikler

Şu ýylyň 1-nji martyndan başlap “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy-Baku (Alyat) -Türkmenbaşy ugry boýunça ýük awtoulaglaryny gatnawy üçin ýeňillikler berdi.

Gämilerde ýük daşamalary ulag pudagynyň we multimodal gatnawynyň esasy ugrunyň biri bolup, häzirki zaman halkara söwdasynda hem möhüm orny bardyr. Täze girizilen ýeňillikler söwda flotunyň müşderilerine ýük awtoulaglaryny daşamakda we daşalýan harytlaryň bahasyny arzanlatmak üçin amatly şertleri döreder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Bagtyýar” we “Berkarar” atly “RO-PAX” görnüşli  iki sany parom gämileri bar. “Ro-Pax” gämileri “Ro-Ro” görnüşli gämileriniň mümkinçiliklerini we ýolagçylary gatnatmak ýaly hyzmatlary ýerine ýetirip bilýär. (Ro-Ro, ýeňil we ýük awtoulaglaryň gämä ýüklenip, bellenilen portda düşürilmegini aňladýar).

Paromlaryň kuwwaty: 200 ýolagçy we 54 ýük awtoulagydyr. Şeýle hem, geçen 2022-nji ýylyň dowamynda parom gämilerinde 22 müňe golaý awtoulaglar Türkmenbaşy-Baku (Alyat) -Türkmenbaşy ugry boýunça daşaldy.

Täze ýeňillikleriň esasynda gatnawyň bir tarap bahasy 1000 ABŞ dollary deň  we eger gatnawyň her iki tarapa tölenen halatynda, gatnawyň umumy bahasy 1 600 ABŞ dollaryna deň bolar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 7-nji noýabryndan başlap daşary ýurtly we türkmen ulaglarynyň sürüjilerine Türkmenistanyň çägine girmäge, çykmaga we üstaşyr geçmäge rugsat berildi.

Has giňişleýin maglumat üçin “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň internet sahypasyna girip bilersiňiz: https://mmf.com.tm/

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi