Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Cyber Security Central Eurasia 2023» atly halkara kiberhowpsuzlyk maslahaty geçirildi. Onuň işine ürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Özbegistanyň Sanly tehnologiýalar ministrligi habar berýär.
Iki gün dowam edýän maslahatda dürli kiberhüjümlere garşy maglumatlaryň sebitleýiň goragy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, döwrebap sanly çözgütleri işläp düzmek, bu ugurda tejribe alyşmak, şeýle hem sebitara hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek babatda pikir alşyldy.
Bu halkara foruma 24 döwletden 130 kompaniýa wekilçilik edýän 250-den gowrak wekiliýet gatnaşdy. Gatnaşyjy döwletleriň arasynda Türkmenistan, Oman, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Ýaponiýa, Gazagystan ýaly döwletler bar.
Forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Özbegistanyň sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda kiberhowpsuzlyk, maglumatlary kiber howplardan goramak, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy pudagyndaky hünärmenleri taýýarlamak we sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşkentdäki maslahatyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Özbegistanyň “Kiberhowpsuzlyk merkezi” dölet unitar kärhanasynyň arasynda kiberhowpsuzlyk babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.