BIZNES

Türkmenabatda mekdep ýantorbalary öndürilip başlandy

Türkmenabadyň tikin fabriginde täze okuw ýyly üçin okuwçy ýantorbasyny öndürmek ýola goýuldy. Täze ýantorbada kitaplar üçin aýratyn göz, ruçka-galam ýaly ownuk okuw esbaplary üçin-de aýratyn göz we suwly gap goýulýan ýer hem göz öňünde tutuldy. Ýantorbanyň materialy üçin bolsa yzgar geçirmeýän «gabardin» matasy saýlanyp alyndy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, ilkinji önümler taýýar bolanda, ony ýörite hünärmenler gözden geçirdiler. Olaryň käbir bellikleri-de göz öňünde tutulyp düzedilenden soňra, bu kärhanada okuwçy ýantorbalary köpçülikleýin öndürilip başlandy. Ilkinji tapgyrlarda şeýle ýantorbalaryň 200-den gowragy satlyga çykaryldy. Olar «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň paýtagtdaky dükanlarynda satylýar.    

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder