BIZNES

Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.

Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýunda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada geçiren maslahatynda geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Hut şu işler hem ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini doly ýüze çykarýar.

Dokma senagaty toplumynda, şol sanda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Şunlukda, obasenagat toplumyna ylmyň täze gazananlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Tatarstan Türkmenistanda söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Balkan welaýatynda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Masato Kanda: CAREC taslamalaryna 10 milliard dollar maýa gönükdiriler

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri