Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýänleriň resminamalary kabul edilýär. Bu ýerde resminamalary kabul ediş işleri ýokary derejede, guramaçylykly ýola goýlupdyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Hytaý tarapyndan sekiz ugur, ýagny hukuk işi, inženerçilik işi, menejment, ykdysady ylymlar, agronomçylyk, ynsanperwerlik, lukmançylyk ylymlary, sungaty öwreniş boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýän ýaşlara 2024-2025-nji okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenilýär.
Kabul edilen resminamalara görä, ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen şu ýylyň 14-15-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan dersler boýunça söhbetdeşlik geçiriler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okamak isleýän dalaşgärlerden hem resminamalar kabul edilýär.
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň» çäklerinde alnyp barylýar.
Şu ýyl hem bu dostlukly ýurt tarapyndan sekiz ugur, ýagny emeli aň, maglumat howpsuzlygy, uly göwrümli maglumatlaryň analitikasy, biotehnologiýa, gen inženeriýasy, bioinformatika, innowasion materiallaryň dizaýny, «akylly» materiallar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere 2024-2025-nji okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenilýär.
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş tertibi beýlekilerden tapawutlanýar. Dalaşgärler synag däl-de, bal görkezijisi, resminamalarynyň görkezijisi hem-de seljerilmegi bilen, söhbetdeşlik esasynda saýlanylýar. Söhbetdeşlik bakalawr maksatnamasy boýunça umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden, magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasyndan geçiriler.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Hytaýda okamak üçin mümkinçilik
Türkmen ýaşlary üçin: Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işi geçirilýär
