SIZDEN GELENLER

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berlen giň gerimli maksatnamalar kämil bilimli, innowasion özgertmelere taýýarlykly, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan, hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan ýaş nesliň taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty öňde goýlan milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply, ýokary taýýarlykly ýaşlaryň taýýarlanylmagyna, okuw işine innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ösüş-özgertmeler, gurulýan döwrebap desgalar, ylmyň hem tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar ýaş nesle berilýän bilimi, orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi zerur şert hökmünde öňe çykarýar. Bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi döwrüň öňde goýýan derwaýys wezipelerini oňyn çözmäge täsir eder. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär.

Ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, edep-terbiýeli, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrülen şeýle köptaraply aladalaryň özeninde çuňňur many-mazmun jemlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna abraý bilen hötde gelmek jogapkärçiligi bizi — ýaşlary ähli ugurlarda yhlasly, döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga, pederleriň kämillik mekdebini geçen ruhy-ahlak ýörelgelerimize eýermäge ruhlandyrýar. Bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde yhlas-başarnyklaryny orta goýýarlar.

Ýurdumyzda sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň we beýleki bilim işgärleriniň işlerini guramakda netijeli bolup durýar. Bilim işgärleriniň jemgyýetdäki ornuny kanunçylyk namalary arkaly berkitmek hem ýokarda bellenilip geçilen we Kanunda beýan edilýän kadalar bilen berk baglanyşyklydyr.

Şol sanda dil biliminiň kämil derejede ösdürilmegine, daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, dünýä dilleriniň çuňlaşdyrylmagyna ähmiýet berilýär. Çünki bilim ulgamynyň çalt ösýän döwründe talyplaryň daşary ýurt dillerine erk edişini kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Şu jähetden, çagalar baglaryndan başlap, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda täze usullardan peýdalanylýar.

Daşary döwletler bilen halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýan täze taryhy döwürde dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi ilkinji zerurlyklaryň biridir. Dünýä dillerini öwrenmek halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda döwrebap çagalar baglary, mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Täze bilim edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy milli bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!

Çeper Goçmedowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy