Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň çapdan çykandygy hakdaky habar biz — bagtyýar mugallymlary şatlygyna şatlyk goşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ilkinji kitabyny geçen ýylyň ahyrynda halkymyza sowgat edipdi. Geçen döwrüň içinde döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby dünýäniň halklarynyň birnäçesiniň dilinde neşir edildi. Bu gün ajaýyp eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi bolsa iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge itergi berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen çuň manyly setirler bar. Bu jümlede ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrundaky alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar barada edilýän alada, olara bildirilýän belent ynam öz beýanyny tapýar. Gymmatly eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi dostlukly ýurduň okyjylaryna biziň ata Watanymyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty barada bilmäge ajaýyp mümkinçilik açylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bagyşlap döreden ilkinji eseriniň gadyr-gymmaty, çeperçiligi, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti uludyr.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 6-synda ýapon dili öwredilip başlandy. Şeýle hem häzirki wagtda orta mekdepleriň 12-sinde şu dilde okuwlar geçilýär. Şu ýylyň ýanwarynda Sukuba uniwersiteti bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon diline terjime edilip tamamlandy.
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitapda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilaty 7,55 million adam bolup, şonuň 34,3 göterimi, ýagny 2,42 milliony 14 — 34 ýaş aralygyndaky raýatlardyr. Munuň özi ýurduň ösüşinde ýaşlaryň uly ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan nyşandyr. Men bu ajaýyp kitaba-da olara bildirilen ynamyň beýany hökmünde garalýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda okuwçylardyr talyplaryň 16 müňden gowragy ýapon dilini öwrenýär. Ýapon diline terjime edilen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň hem olaryň bu dili özleşdirmeklerinde gollanma bolup hyzmat etjekdigini bellemek bolar.
Türkmen-ýapon gatnaşyklary barada belläp geçsek, ýurtlarymyzyň arasynda ençeme ýyllardan bäri dostlukly gatnaşyklar alnyp barylyp, medeniýet hepdelikleri, dürli hili çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki medeni-diplomatik gatnaşyklara uly üns berýändiginden nyşan bolup, bu ugurda ýene-de birnäçe işleriň durmuşa geçiriljekdiginden habar berýär.
Kitabyň ýapon diline terjime edilmegi hem şeýle gatnaşyklaryň pugtalanýandygynyň anyk mysaly bolandygyny bellemelidiris. Munuň özi dostlukly ýurduň ýaşlarynyň hem hormatly Prezidentimiziň eseri bilen giňden tanyşmagyna ýardam eder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda çäksiz alada edip, olary täze-täze üstünliklere, belent sepgitlere ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz tükeniksizdir.
Läle Taýyrowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.