DÜNÝÄ

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar, şunda durmuşa geçirilen işleriň netijelerine jikme-jik garaldy, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň has hem ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.

Şeýle-de «Infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynda» kesgitlenen wezipeleri hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmek nukdaýnazaryndan, «ýaşyl energetikanyň» ösdürilmegi, işewürlik we ylmy gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi derwaýys meseleleriniň hatarynda öňe çykaryldy.

Ýapon hyzmatdaşlar bilen maýa goýumlar we gazhimiýa ulgamlaryndaky, şol sanda Ýaponiýanyň senagat tehnologiýalaryny öndürijileri bilen hem özara hereketleriň oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy.

Bu ugurda taraplar JBIC banky, «Sumitomo», «Itochu Corporation» we beýleki iri ýapon korporasiýalary bilen mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna taýýarlyklaryny beýan etdiler.

 

“Dostluk” ýatagy: ikitaraplaýyn ylalaÅŸyk iÅŸlenip taýýarlanylýar

Ýene-de okaň

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy