DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýetiniň BAE sapary

Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zayed Al Nahaýýan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti “Kasr Al Watan” köşgünde kabul etdi. Bu barada BAE-niň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hususan-da ykdysadyýet, maýa goýum, her iki dostlukly ýurduň gyzyklanma bildirýän beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar gyzyklanma bildirilýän birnäçe ugurlar boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler. Bu duşuşyga BAE tarapyndan Prezidentiň işleri boýunça ministrligiň protokolyň ýolbaşçysy Mohammed bin Abdullah Al Junaibi, BAE-niň Merkezi bankynyň başlygy Halid Mohammed Salem Balama Al Tamimi, Prezidentiň işleri boýunça ministrligiň hökümeti utgaşdyrmak pudagynyň geňeşçisi we Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň baş müdiri Mohammed Saif Al Suwaidi gatnaşdy.

 

Transfer döwri ýapyldy: Grizmann “Atletiko” dolandy

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Gazagystanyň medeniýet ministri wise-premýerlige bellendi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi