BIZNES

Türkmen wekiliýeti Stambulda geçirilýän «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 27-30-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde  «10-njy Bütindünýä Halal sammiti» we «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisi geçirilýär. Bu  giň möçberli çärä gatnaşýan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.   Çäräni Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrligi we Yslam söwda ulgamyny ösdürmek boýunça Merkezi bilelikde guraýar.

Halal önümleriň we önüm öndürijileriň özboluşly mahabatlandyryş meýdançasy bolan bu  çärä esasan hem azyk senagaty, azyk harytlary, derman senagaty, dokma senagaty, syýahatçylyk we maliýe ulgamynda hereket edýän kompaniýalar gatnaşýarlar.

Stambul şäherinde geçirilýän bu  sammite we  sergä dünýäniň 100-e golaý döwletinden gelen kompaniýalar özleriniň 1000-den gowrak sergi pawilýonlaryny oňa gatnaşýan 50 müňe golaý myhmanlara hödürleýärler.

«10-njy Bütindünýä Halal sammiti» we «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisi öz işini 29-njy noýabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy