BIZNES

Türkmen wekiliýeti Gruziýada geçirilen energetika forumyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 28–29-njy noýabry aralygynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň hökümeti bilen Aziýa ösüş banky (ADB) bilelikde gurnamagynda «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde energetika ugry boýunça maýa goýum forumyna Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary S.Saparowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine täze energiýa taslamalary, sebitiň hödürleýän maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek, energiýa netijeliligi we durnukly çözgütler, ýel we gidrodan bilen baglanyşykly beýleki birnäçe meseleler girizildi. Bu institut CAREC ýurtlarynyň taslamalarynyň arasyny baglanyşdyryjy hökmünde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy goldamak boýunça syýasaty, maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de amala aşyrmakda ylalaşygy üpjün edýär.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde sebitde sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, anyk taslamalaryň ençemesini amala aşyrýandygy barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem-de olaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryna we anyk hereketlerine CAREC maksatnamasyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berilýär.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer